icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 awgust 2016

2123

BMG-niň gender deňliginiň meseleleri boýunça düzüminiň (BMG-Zenanlar) wekilleri bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň gender deňligi meseleleri boýunça düzüminiň (BMG-Zenanlar) Sebitleýin direktory h-m Ingiborg Solrun Gisladottiriň ýolbaşlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar özaragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistanyň BMG-Zenanlar düzüminiň Merkezi Aziýa üçin köpýurtlaýyn edarasy bilen bütin dünýäde zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek işinde bilelikdäki maksatlara ygrarlylygy, gender deňligini üpjün etmek boýunça bar bolan serişdeleriň netijeli ýokarlandyrylmagy boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň tarapdarydyklaryny beýan etdiler.

Türkmenistanyň 2016-2018-nji ýyllar üçin «BMG-Zenanlar» düzüminiň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanylmagy barada aýdyp, taraplar «2015-2020-nji ýyllar üçin gender deňligi boýunça  Türkmenistanyň hereketleriniň Milli Meýilnamasyna» laýyklykda bilelikdäki hereketleriň meselelerini ara alyp maslhatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi