icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

13 maý 2024

1348

Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Toşiaki Endo bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Toşiaki Endonuň ýolbaşçylygyndaky Ýapon parlamentiniň wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklara aýratyn üns bermek arkaly, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şu ýyl «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialoguna gatnaşyjy ýurtlaryň ilkinji Sammitiniň geçirmek bilen baglanyşykly meseleler pikir alyşmalaryň möhüm ugry boldy.

Şeýle-de duşuşygyň barşynda söhbetdeşler iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy ugurlarynyň biri bolan parlamentara gatnaşyklarynyň aýratyn ornuna ünsi çekdiler. Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti bellendi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi