icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

14 maý 2024

1357

«Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesindäki duşuşyga gatnaşdy.

Duşuşyga şeýle hem Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary, Gazagystanda akkreditlenen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň gün tertibine «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň Sammitini guramak bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem duşuşygyň barşynda taraplar Ýaponiýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi