icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 maý 2024

1354

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 14-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşyga Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Aýano Sato hem gatnaşdy.

Jenap Endo Toşiaki wagt tapyp kabul edendigi üçin Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitonyň we Premýer-ministri Fumio Kisidanyň salamyny, gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň soňky ýyllarda depginli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň giňeldilmegine goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Milli Liderimiz Ýaponiýanyň Imperatoryna we Premýer-ministrine salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Ýaponiýa bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berdi.

Arkadagymyz ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýdyp, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny, 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunda söwda-ykdysady ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine ýaponiýaly hyzmatdaşlaryň goşýan saldamly goşandyny belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň bitiren hyzmatlaryny nygtady. Munuň özi Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň ýurdumyzda alyp barýan netijeli işlerinde öz beýanyny tapýar.

Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselesine aýratyn üns berildi. Şunda Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparlarynyň işine möhüm orun degişlidir. Bu toparlar kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak, ugurdaş ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak, geňeşmeleri geçirmek üçin netijeli gural bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Arkadagymyzyň Aşgabatda “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek baradaky başlangyjyny amala aşyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu formatyň çäginde hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri mümkinçilikden peýdalanyp, “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ähmiýetli orun eýeleýändigi nygtaldy. Ol halklary ýakynlaşdyrmaga we medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şunda Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň bu ugurdaky köpýyllyk netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi