icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

17 maý 2024

1530

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň Prezidenti bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleriniň derejesinde halkara maslahatynyň geçirilmeginiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Medeniýet institutynyň Prezidenti Saad Han bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sport pudagynda sebitleýin hyzmatdaşlygy, medeni alyş-çalyş maksatnamalaryny utgaşdyrmagy we agza ýurtlaryň habarlar agentlikleriniň özara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlarda  Türkmenistan bilen YHG-nyň Medeniýet institutynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegi barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa söhbetdeşine Gündogaryň beýik pelsepeçisi we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşandygy üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi