icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

24 oktýabr 2017

1482

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy

2017-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda şäheri ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 208 sany 2 gatly bir maşgala niýetlenen kottežler we 16 sany 3 we 4 gatly kottež görnüşli 4 we 6 öýli uly giňişlikdäki ýaşaýyş jaýlar Aşgabadyň günorta-günbatarynda emele geldi. Kottežler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň serişdelerine we güýçleri bilen guruldy.

Döwlet Baştutanymyz köçäniň ugrunda gurlan desgalary synlady. Hormatly Prezidentimiz şeýle-hem bagtyýar maşgalanyň çakylygy boýunça 2 gatly kottež jaýlaryň birinde myhmançylykda boldy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Täze jaýyň eýesi telekeçi bolup, onuň maşgalasy mugallym bolup işleýär, olaryň dört çagasy: üç gyzy we  bir ogly bar.

Jaýyň meýdany 350 inedördül metr bolup, onuň otaglary belent hem-de giň. Jaýyň otaglarynyň ýerleşdirilişi, üpjünçiligi ýokary derejede bolup onda: aşhana, myhman otagy, eýwan, ýyladyş ulgamy, ikinji gatda 3 sany ýatylýan jaýlar hem-de birniji gatda 1 sany ýatylýan otag we beýleki ugurdaş desgalar bar. Şeýle hem kottež görnüşli jaýda iş otagy, tomusky eýwan, balkon, hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Jaýyň myhman otagynyň göwrümi 46,20 inedördül metr bolup, ol dalan hem-de aşhana bilen birikdirilendir. Jaýyň aýmançaly çäginiň umumy meýdany 600 inedördül metre barabardyr. Howluda dynç almak üçin telär gurlupdyr we gök zolak döredilipdir. 

Hormatly Prezidentimiz öý eýelerini täze jaýa göçüp gelmegi bilen gutlap, olara bagtly durmuş, maşgala abadançylygyny, saglyk we üstünlik arzuw etdi.

Dört gatly kottež görnüşli ýaşaýyş jaýlarynda sekiz öý bolup, onuň eýwanyndan ýokarky gatlara basgançak we lift hereket edýär. Her gatda iki öý bolup, umumy eýeleýän meýdany 537,30 inedördül metr bolan öýlerde bäş otag bar. Öýlerde giň myhman otaglary (113,60 inedördül metr), aşhana, dört sany ýatylýan otag we balkon bar. Her maşgala üçin hojalyk jaýlary göz öňünde tutulypdyr. Jaýlaryň arasynda çagalaryň oýun meýdançalary, telärler we tehniki binalar bar.

Üç gatly jaýlarda dört otagly alty öý bar. Her öýüň eýeleýän meýdany 476,40 inedördül metr bolup, olarda üç sany ýatylýan otag, aýratyn otag, aşhana we beýleki desgalar bar.

Kottež jaýlar toplumynyň çäginde umumy meýdany 8,4 gektara barabar bolan seýilgäh gurulan. Olarda döwrebap yşyklandyryjylar, oturgyçlar, howuzly suw çüwdürimleri bar. Granit ýodajyklar we ýerasty geçelge guruldy.

Ýurdumyzyň raýatlaryna berilýän ýeňillikli karz serişdeleri şäherleriň we obalaryň ilaty üçin amatly ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün edýär.  Ýokary derejede kottež jaýlaryny gurmaga aýratyn ähmiýet berilmegi raýatlaryň häzirkizaman talaplaryna, her bir adamyň islegine laýyk gelýän amatly jaýlary saýlap almaga bolan mümkinçiliklerini artdyrýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi