icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img

12 iýun 2024

3984

Daşary işler ministriniň ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi

2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Jalpa Ratna bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň barşynda myhmany ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.

Diplomatlar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenistanyň çaganyň saglygyny goramak we onuň ösüşi bilen bagly meselelere iş ýüzünde ulgamlaýyn çemeleşýändigini belledi. Mundan başga-da, söhbetdeşler 2021-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda ÝUNISEF-iň Ýurt boýunça maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi bilen bagly meselelere garadylar, bu resminamada çagalaryň bähbidi üçin dolandyryş, çaganyň saglygy, onuň iýmitlenmegi we irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy we ýokary hilli inklýuziw bilim ýaly meseleler ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenilen. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň saglygyny dikeltmäge mätäç çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermek boýunça alyp barýan işleriniň ähmiýeti bellenildi.

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda ähli tagallalary etmäge taýýardygyny belledi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi