06 iýul 2024
9446
Türkmenistanyň DIM-de resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň edaralary bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy bilen baglanyşykly 4 resminama gol çekildi:
- Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň arasynda «2030-njy ýyla çenli adalatly geçiş üçin toplumlaýyn we utgaşdyrylan iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynyň berkidilmegi» atly Bilelikdäki taslama resminamasy;
- Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar bilen BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly üýtgetme girizilen Taslama resminamasy;
- Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýismologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Seýismiki töwekgelçiliklere baha bermekde, bolup biläýjek güýçli ýer titremeleri duýdurmakda hem-de olar boýunça degişli çäreleri görmekde Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini artdyrmak» atly goşmaça girizilen Taslama resminamasy;
- Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy bilen BMGÖM-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Adam hukuklary üpjün etmek ugrunda Türkmenistan boýunça adwokatlar kollegiýalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasy.
Başga habarlar
06
Noý
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
04
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşygy
04
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
04
Noý
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
04
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
Ähli habarlary görmek