icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

08 iýul 2024

3795

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy

2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza sapar bilen gelen BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen duşuşdy.

Diplomat wagt tapyp kabul edendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen binýady goýlan Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň möhüm ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mähirli mübärekläp, onuň şu gezekki saparynyň Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Ýurdumyz BMG bilen dürli ugurlar boýunça, şol sanda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly energetika, ulag, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, ykdysady, durmuş, ynsanperwer, ekologiýa meseleleri ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlyk edýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi gurama bilen netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň öňe sürýän sebit we ählumumy häsiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde, dürli ulgamlarda bilelikdäki iri taslamalaryň, maksatnamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýandygyny aýdyp, şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Geljegiň sammitinde-de Türkmenistanyň wajyp başlangyçlary öňe sürmegine garaşýandygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi