icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img
img
img
img
img
img

08 iýul 2024

4211

Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

2024-nji ýylyň 6-njy iýulynda Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany myhmansöýer türkmen topragynda tüýs ýürekden mübärekläp hem-de ýurdumyza sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekdäki şahsy tagallalary üçin hoşallygyny beýan etdi.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, ol BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissary bolan döwründe hem ýurdumyz bilen ysnyşykly işleşdi.

Soňra gepleşikler uly mejlisler zalynda iki tarapyň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişi we wekiliýetiň agzalaryny Türkmenistanda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu sapara Türkmenistanyň BMG bilen ugurlaryň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen gatnaşyklarda täze tapgyr hökmünde garalýandygyny belledi.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik dialogy ösdürmäge we giňeltmäge berk eýerýändigini hem-de taýýardygyny tassyklady. Döwlet Baştutanymyz biziň ýurdumyza berýän goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparynyň möhüm waka öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Soňra belent mertebeli myhmana söz berildi. BMG-niň Baş sekretary Aşgabatda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän iri halkara guramasynyň Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Türkmenistan BMG-niň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşy bolup durýar.

Baş sekretar BMG-niň strategiýasyny goldaýandygy, şeýle hem myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Türkmenistanyň ähli halkyna parahatçylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryna çuň manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň köp ýyllaryň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda uly işleri alyp barýandygyna, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek bilen, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýandygyna ýokary baha berdi. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik söz ussadynyň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilendigini aýdyp, bu medal bilen ilkinji gezek Antoniu Guterrişi sylaglamak barada karara gelendigini hem-de degişli Permana gol çekendigini we şu gün bu medaly uly höwes bilen gowşurjakdygyny aýtdy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda bu medal BMG-niň Baş sekretaryna dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Antoniu Guterrişe Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli döredilen sowgatlyk nyşany we «Magtymguly» kitabyny sowgat berdi.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy hormat-sarpa üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň beýik ogly, Gündogaryň ajaýyp şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň filosofik pikirleriniň ähmiýetini nygtady.

Antoniu Guterriş Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek işinde işjeň orny eýeleýändigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmekde mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady we pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedowy şu ýylyň sentýabrynda geçiriljek Geljegiň sammitine gatnaşmaga çagyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine baryp gördi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi