icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

17 awgust 2024

3633

Üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammiti geçirildi

2024-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmed Gurbanow Hindistan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan wirtual görnüşde guralan üçünji «Ählumumy Günortanyň sesi» sammitiniň ministrler mejlisine gatnaşdy.

Dünýäniň 100-den gowrak ýurdunyň wekillerini jemlän sammitiň umumy temasy «Durnukly gelejek ugrunda Ählumumy Günortanyň mümkinçiliklerini giňeltmek» boldy. Çäräniň maksady özara bähbitli sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak we ösüp barýan ýurtlaryň derwaýys meselelerini çözmek boýunça anyk teklipleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow öz çykyşynda bu çärä gatnaşmaga çakylygy üçin hindi tarapyna sagbolsun aýtdy hem-de bitaraplyk we bilelikdäki parahatçylykly ýaşaýyş ýörelgeleri esasynda konstruktiw hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýän Türkmenistanyň garaýşyny tassyklady.

Türkmenistanyň ulag we energetika ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi maksat edinýändigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi