icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

19 sentýabr 2024

3160

Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

2024-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Sofia şäherindäki Prezident köşgünde Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Ilçisi E.Aýdogdyýewiň (oturýan ýeri Moskwa şäheri) bu ýurduň Prezidenti Rumen Georgiýew Radewe ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bolgariýa Respublikasynyň Prezidentine mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem türkmen tarapynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Bolgariýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Bolgariýa Respublikasynyň Prezidenti Rumen Georgiýew Radew Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan aýdylan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirmek bilen, öz nobatynda Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine dostlukly salamlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi