icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 awgust 2016

2024

Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary

 2016-njy ýylyň  29-njy awgustynda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary birnäçe sagatdan soň Berliniň Türkmenistanyň we GFR-iň Döwlet baýdaklary bilen bezelen “Tegel” halkara howa menzilinde gondy. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy GFR-iň resmi adamlary garşyladylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň Federal Kansleriniň dolandyryş binasyna tarap ugrady. Binanyň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimizi Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel garşylady. 

Birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwlet Baştutanymyz we GFR-iň Federal hökümetiniň baştutany bilelikde binanyň eýwanyna girdiler. Bu ýerde Germaniýanyň Federal Kansleri belent mertebeli türkmen myhmanyny öz ýurdunyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz öz gezeginde GFR-iň Federal hökümetiniň baştutanyny Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýanyň Federal Kansleri ikitaraplaýyn duşuşyk geçirilýän ýere geldi. Ol dünýäde giňden ýaýran iş duşuşyklary we gepleşikleri görnüşinde nahar başynda geçdi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Federal kansler Angela Merkel taraplaryň däp bolan gatnaşyklary häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän ýokary derejä ýetirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz we GFR-iň federal hökümetiniň ýolbaşçysy uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan türkmen-german hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz we Germaniýanyň Federal Kansleri bilelikdäki metbugat maslahatyny guradylar.

GFR-iň Federal hökümetiniň baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesinde Germaniýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary, şol sanda bu sebitde möhüm orun eýeleýän Türkmenistan bilen yzygiderli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem Germaniýanyň Federal Kansleri duşuşygyň barşynda türkmen jemgyýetinde oňyn häsiýeti bolan demokratik ýörelgeler babatda gürrüň bolandygyny habar berdi. Adam hukuklary babatda we adam hukuklaryny goramak boýunça meýilnamalaryň düzülmeginde hereketleriň maksatnamasy möhüm görkeziji bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etmek bilen, Germaniýanyň Federal Kansleri hanym Angela Merkel bilen geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny belledi. Onuň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň gi ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýändigi bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Milli Liderimiz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip, Federal Kansler hanym Angela Merkeli Türkmenistanda özi üçin islendik amatly pursatda sapar bilen gelmäge çagyrandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Germaniýanyň Federal hökümetiniň baştutanyna we dostlukly ýurduň wekiliýetiniň ähli agzalaryna netijeli iş üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Germaniýanyň Federal Kansleri žurnalistleriň sowallaryna jogap berdiler.

Metbugat maslahaty tamamlanansoň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Soňra milli Liderimiz we GFR-iň Federal hökümetiniň baştutany binadan çykdylar. Ulagyň ýanynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Federal Kansler Angela Merkel birek-birek bilen mähirli hoşlaşyp, Türkmenistanyň hem-de Germaniýanyň däp bolan dostluk hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny ýene bir ýola tassykladylar.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-e iş saparynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.  Döwlet Baştutanymyzyň Germaniýanyň Federal ykdysadyýet we energetika ministrliginiň döwlet parlament  sekretary Uwe Bekmaýer; “Siemens AG” kompaniýasynyň wise-prezidenti,  kompaniýanyň Russiýa boýunça prezidenti Ditrih Mýoller we “Siemens AG” kompaniýasynyň energetika we gaz boýunça ýerine ýetiriji direktory Willi Meýksner;  “Deuntsсhe Bank AG-niň” dolandyryjylar geňeşiniň agzasy, maliýe meseleleri boýunça direktory Markus Şenk, “Deuntsсhe Bank AG-niň” Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça ýerine etiriji direktory Piter Tils we bankyň uly geňeşçisi Ýurgen Fitçen;  “SAP” kompaniýasynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary boýunça prezidenti Ştefan Hohbauer; “Сifal Group” kompaniýasynyň prezidenti we baş direktory Žil Remi we “ILF Сonsulting Engineers” kompaniýasyny esaslandyryjy Adolf Faýslmaýer, “Aýrbus Group” kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar boýunça wise-prezidenti Maruan Laud; “Сargoluх” kompanýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we maliýe direktory Maksim Straus bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan duşuşyklar Berliniň taryhy merkezinde ýerleşýän hem-de Ýewropanyň we dünýäniň iň meşhur myhmanhana toplumlarynyň biri bolan “Adlon Kempinski” kaşaň myhmanhanada ýerleşen türkmen Lideriniň kabulhanasynda geçirildi.

Şeýle hem şol gün döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary Berlinde GFR-iň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, iri bank düzümleriniň hem-de kompaniýalarynyň, şol sanda “Deutsсhe Bank”, “Сommerzbank”, “Сlass”, “Zeppelin”, “Bosсh Gruppe”, “Umax Trade GmbH”, “Siemens AG”, “Hospitalia International GmbH” we beýlekileriň   ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şeýle hem “John Deere”, “AIRBUS Group” ýaly dünýä belli daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçy düzümleriniň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Şunuň bilen birlikde,  ýokary bilim we medeniýet ulgamynyň birnäçe öňdebaryjy edaralarynyň ýolbaşylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň bir böleginiň şol gün agşam Berliniň “Maritim” myhmanhanasynda Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň we Germaniýanyň döwlet, maliýe-bank düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmen-german işewürler maslahatynyň çäklerinde geçirilendigini bellemek gerek,  olaryň barşynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumy özara bähbitli hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigine şaýatlyk edýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň GFR-e iş sapary dowam edýär.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi