icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

13 noýabr 2017

780

Türkmenistan we ESKATO geljekki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

2017-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň (ESKATO) wekiliýeti bilen ady agzalan guramanyň Türkmenistanda iş sapary bilen bolýan Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary jenap Hong Jun Hamyň ýolbaşçylygynda duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňaýly täsirini belläp, taraplar Türkmenistan bilen ESKATO-nyň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen ESKATO-nyň özara hereketinde ulag we energetika ulgamlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýeti we maglumat-aragatnaşygy üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen Maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk esasy ugurlaryň hatarynda bellenildi.  

Gepleşikleriň dowamynda Ýerine ýetiriji sekretar tarapyndan 2018-nji ýylyň birinji ýarymynda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti üçin DÖM maksatlary boýunça ýokary derejeli Maslahata,  Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň Ikinji Enegetika Forumyna, ESKATO-nyň Komissiýasynyň 74-nji mejlisine gatnaşmak teklip edildi.

Duşuşygyň dowamynda ESKATO-nyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary tarapyndan Owganystandaky ýagdaýlary dikeltmek we tutuş sebitde gyşarnyksyz we durnukly ösüş boýunça RECCA VII-niň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýjeýän geljekki ösüşine kanagatlanma bildirip, taraplar ony geljekde hem giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi