2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kazan şäherinde geçirilýän «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumyň geçirilýän ýerine — «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezine ugrady.
Daşary ýurtlaryň 30-dan gowragynyň wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň ýolbaşçylary, şeýle hem Täze ösüş bankynyň prezidenti bilelikde surata düşmek dabarasyndan soňra, «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky XVI BRICS sammitiniň plenar mejlisine gatnaşdylar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin «Adalatly ählumumy ösüşiň we howpsuzlygyň bähbidine köptaraplylygyň pugtalandyrylmagy» şygary astynda, guramada Russiýanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän XVI BRICS sammitine gatnaşyjylary hem-de hormatly myhmanlary mähirli mübärekläp, öz netijeliligini görkezen «BRICS goşmak»/«autriç» formatynyň gurama agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlara açyk dialog üçin mümkinçilik berýändigini nygtady.
Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi. Olaryň hatarynda GDA ýurtlarynyň, Aziýa, Afrika, Ýakyn Gündogar we Latyn Amerikasy döwletleriniň Liderleri, şeýle hem BRICS bilen has ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän halkara guramalaryň ýerine ýetiriji edaralarynyň ýolbaşçylary bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow bildirilen myhmansöýerlik üçin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň «BRICS goşmak»/«autriç» formatyndaky BRICS sammitine ilkinji gezek gatnaşýandygyny belledi we şeýle wekilçilikli çärä çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ýurdumyza goýulýan hormatyň nyşany hökmünde kabul edilýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan halkara jemgyýetçiligiň dünýäde hyzmatdaşlyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz öz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny parahatçylyk döredijilik gün tertibini ilerletmek, ählumumy we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialog, ynanyşmak, açyklyk medeniýetini pugtalandyrmak üçin ulanýar. Gapma-garşylykly ýagdaýlaryň öňüni almak, olary döredýän sebäpleri aradan aýyrmak üçin Bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň ulanylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir hem-de häzirki ýagdaýlarda Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri örän zerurdyr diýip, Türkmen döwletiniň Baştutany nygtady we dünýä jemgyýetçiliginiň goldamagynda ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek işinde anyk peýda getirmäge ukyplydygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işiniň aýratyn ähmiýeti we netijeliligi bellenildi.
Jogapkärli döwlet hökmünde Türkmenistan halkara ýagdaýlary kadalaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşlerine geçmäge gönükdirilen çäreleri teklip edýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda ýurdumyzyň BMG-de birnäçe teklipler bilen çykyş edendigini, hususan-da, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek başlangyçlaryny, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürendigini belledi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň halkara strategiýasy häzirki döwrüň geoykdysady gatnaşyklaryna, häzirki zamanyň wajyp meselelerini çözmäge işjeň gatnaşmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, ýurtlaryň we halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar.
Muňa döwletimiz işjeň, jogapkärçilikli çemeleşýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady we Türkmenistanyň ykdysadyýet, energetika, durnukly ulag ulgamlaryndaky başlangyçlaryna ünsi çekdi. Gürrüň Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň ählumumy Çarçuwaly maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek barada barýar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ekologiýa hyzmatdaşlygy meselelerinde Merkezi Aziýada tebigy landşaftlary, Hazar deňzinde bioköpdürlüligi gorap saklamaga, hyzmatdaşlaryň bähbitlerini nazara almak we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda bu sebitlerde suw, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär.
Ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge uly ähmiýet berýäris. Şeýle hem ýurdumyz medeniýet, ylym, bilim ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga täze itergi berilmegini möhüm hasaplaýar, diýip Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.
Çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti şu gezekki mejlise gatnaşmaga çakylyk hem-de çykyş etmäge we garaýyşlarydyr teklipleri beýan etmäge döredilen mümkinçilik, netijeli işlemäge döredilen şertler üçin guramaçylara ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Wladimir Putin çuň mazmunly çykyşy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, durup geçen köp sanly meseleleriniň, Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň örän wajypdygyny belledi.
BRICS-iň çäklerinde möhüm ugurlar hem-de köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmagyň meseleleri barada pikir alyşmalaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlyk üçin bar bolan mümkinçilikleri doly açmak babatda täze gurallary işläp taýýarlamaga umumy gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Iki günlük iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
***
Şol gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar.
Duşuşygyň hormatyna türkmenistanly talyplara Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edilen beýik söz ussadynyň goşgularynyň ýygyndysy sowgat berildi.