icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

14 noýabr 2017

826

Kuweýt Döwletiniň Arap ykdysadyýetiniň ösüş gaznasynyň baş direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Kuweýt Döwletiniň Arap ykdysadyýetiniň ösüş gaznasynyň Baş direktorynyň orunbasary Hişam Al-Wakaýýan bilen duşuşygy geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan Owganystanda, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylyk dörediji tagallalar bilen parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam bermekde özüniň taýýardygyny iş ýüzünde tassyklaýar, diýip Hişam Al-Wakaýýan gepleşikleriň barşynda belledi. Ýurt Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hazar sebitiniň baý tebigy gorlaryna we amatly geografiki ýerleşişine daýanyp, energetika, ulag we ykdysadyýet ulgamlarynda  ykdysady mümkinçilikleri amala aşyrmaga gönükdirilen işjeň hereketi alyp barýar. 

Owganystanda parahatçylykly syýasy dialoga geçmeklige, bu ýurduň sebitleýin we dünýä hojalygy gatnaşyklaryna üstünlikli integrasiýasyna hemmetaraplaýyn ýardam bermekde şertleri döretmekligiň möhümdigini belläp, taraplar sebitleýin we ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin berk mehanizmleri döretmekde tagallalary birleşdirmekde özara kanagatlanma bildirdiler. 

Türkmenistan bilen Kuweýt Döwletiniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi bilen baglylykda,  taraplar ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer dialogyň geljekki ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi