icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

13 dekabr 2024

3148

Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk

2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda HGHK-nyň sebitiň çäklerinde, hususan-da, Türkmenistanda häzirki wagtda alyp barýan işlerine gysgaça syn berildi.

Halkara ynsanperwer hukugyny ilerletmek we milli kanunçylyga ornaşdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk babatyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler HGHK-nyň milli hyzmatdaşlarynyň halkara ynsanperwer hukugy ugrundaky mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilen çäreleriň ähmiýetini nygtadylar.

Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 2025-nji ýyl üçin meýilnamalaryna garadylar. Hususan-da, HGHK tarapyndan Türkmenistanyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde halkara ynsanperwer hukugy boýunça okuwlary we umumy sapaklary geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi