icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

29 awgust 2016

2125

Buharestde Ilçihanalaryň Festiwalynyň çarçuwasynda Türkmenistanyň sergisi açyldy

  2016-njy ýylyň 29-njy awgustynda Buharest şäheriniň Milli teatrynyň binasynda her ýyl geçirilýän “Ilçihanalaryň Festiwalynyň” resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalary gatnaşýar. Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 25-ýyllygy we 2016-njy ýyly “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegi mynasybetli Türkmen milli sergisini gurnady.

Türkmenistanyň bu sergisinde türkmen milli el halylary, milli egi-eşikdir, şaý-sepler, milli saz gurallary, amaly-haşam sungatynyň işleri, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýazan ylmy kitaplary hem-de Türkmenistan hakynda çap edilen dürli neşirýat önümleri ýerleşdirilipdir.

Bu festiwaly gurnaýjylar bolup Rumyniýanyň medeniýet ministrligi we daşary işler ministrligi, Buharest şäheriniň meriýasy (häkimligi) we “Esku Assosiýasiýasy” guramasy çykyş etdiler. Fesiwal Buharest şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Festiwalyň işi sentýabryň 4-ne çenli dowam eder. Şu ýyl bu festiwala 50 müňden-de gowrak adam gatnaşar, diýlip çaklanylýar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi