icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

24 dekabr 2024

3478

Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik wezipesini tamamlaýar

2024-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Türkmenistandaky wezipesini tamamlaýan Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Wýaçeslaw Beskostyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellediler.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp meseleleri we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Diplomatlar halkara we sebit gurluşlarynyň çäginde Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky konstruktiw gatnaşyklaryň dowam etdirilmeginiň möhümdigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň barşynda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Wýaçeslaw Beskostynyň türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösmeginde şahsy goşandy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary diplomatyň işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi