13 ýanwar 2025
5038
Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garaldy
2025-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri hem-de hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.
Şeýle-de duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmek boýuna meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.
Başga habarlar
09
Noý
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň resminamalary BMG-de çap edildi
09
Noý
Türkmenistanyň resminama mirasy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sebit sanawyna girizildi
07
Noý
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
07
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti Akaba prosesiniň Sammitine gatnaşdy
07
Noý
GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi
Ähli habarlary görmek