icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 noýabr 2017

902

Eýranyň Ýol we şäher gurluşyk ministri bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşyk ministri Abbas Ahmed Ahundiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ulag we logistika ulgamlaryndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň mejlisiniň yzygiderli esasda  geçirilmegini  aýratyn nygtadylar.  Taraplar sebitleýin ulag gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini aýtdylar we onuň geljekki ösüşi üçin birnäçe teklipleri orta adylar.

Energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň mümkinçilikleri köptaraplaýyn pikir alyşmalaryň esasy temasy boldy.  Taraplaryň özara gatnaşyklaryň ähli ulgamlarynda, şol sanda iki ýurduň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň, hem-de işewürler toparlarynyň arasynda  ähmiýetli özara bähbitli tejribe toplandyklary  bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny giňeltmekde özara gyzyklanma bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi