icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

24 ýanwar 2025

3289

Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda bölüm ýolbaşçylarynyň derejesinde konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda konsullyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Hindistanyň konsullyk gulluklarynyň arasynda tejribe alyşmak, şeýle hem bu ugurda bilelikdäki taslamalary we başlangyçlary durmuşa geçirmek baradaky tekliplere garaldy.

Iki ýurduň konsullyk gulluklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek we öňdebaryjy tejribäni öwrenmek üçin iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky konsullyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn geňeşmeleri yzygiderli geçirmеgiň ähmiýetini bellediler.

Şertnama-hukuk binýadyny kämileşdirmek we rejelemek boýunça işleri işjeňleşdirmeklige aýratyn üns berildi

Taraplar ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi