icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

14 fewral 2025

1343

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2025-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatlarda, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çägindäki hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Ministrler ikitaraplaýyn saparlaryň we geňeşmeleriň üsti bilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary güýçlendirmek barada ylalaşdylar.

Mundan başga-da, taraplar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini nygtadylar we ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Russiýanyň gatnaşmagynda, şol sanda BMG-niň meýdançasynda geçiriljek çäreleri jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşary syýasat edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns çekdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi