icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

25 fewral 2025

2495

HHR-yň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Halk hökümetiniň Daşary işler boýunça edarasynyň direktorynyň orunbasary Çžao Szýunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çäklerinde türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar halklaryň ýakynlaşmagyna ýardam berýän möhüm faktor hökmünde medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns berdiler.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda folklor we aýdym-saz toparlarynyň hem-de sungat ussatlarynyň wekiliýetleriniň alyşmalarynyň sany artdy. Iki ýurduň ylym we medeniýet işgärleri halkara maslahatlaryna, sergilere we beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Özara Medeniýet günleri ynsanperwer gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga aýratyn itergi berýär.

Gepleşikleriň dowamynda ylym-bilim we medeni gatnaşyklaryny giňeltmegiň, şeýle hem ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi