icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

15 noýabr 2017

894

Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Ahmad Hassen Al-Hamadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasynda ýola goýlan açyk we dostlukly dialogy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň esasy hasaplanýandygyny belläp, taraplar bilelikdäki işleriň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine gysgaça syn berdiler. Şunuň bilen baglylykda, taraplar  gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşyny we syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljekki ösüşiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Energetika ulgamy özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň hatarynda görkezildi. 

Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň  (RECCA VII) ornuny belläp, Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretary Owganystan meselesinde bilelikde  hereket etmek boýunça birnäçe uly möçberli we düýpli taslamalary durmuşa geçirmek ýoly bilen Owganystanyň ykdysady mümkinçiliklerini dikeltmäge we berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.  

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi