icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

26 fewral 2025

2398

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen Türkiýäniň Prezidentiniň arasynda duşuşuyk geçirildi

2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan iş sapary bilen Ankara şäherine gelen Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýagözel Gulmanowany kabul etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler. Syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy taraplaryna garaldy.

Taraplar sebit we halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak baradaky özara ygrarlylygy tassykladylar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkiýe Respublikasynyň Baştutanyna Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň adyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäginde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanda geçiriljek çärelere çakylyk gowşuryldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi