icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

16 noýabr 2017

835

GFR-iň Federal hökümetiniň Owganystan we Päkistan boýunça ýorite wekili, Günortai Aziýa boýunça komissary bilen duşuşyk

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen, GFR-iň Federal hökümetiniň Owganystan we Päkistan boýunça ýorite wekili, Günorta Aziýa boýunça komissary Markus Potsel bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystan boýunça ýedinji sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) çäklerinde geçirilýän işleriň netijeliligini bellediler we sebitleýin ykdysady gatnaşyklarda Owganystanyň integrasiýasyna gönükdirilen Türkmenistanyň energetika, ulag we ykdysady ulgamlarynda işjeňligini ara alyp maslahatlaşdylar. Hyzmatdaşlygyň giň ulgamlarynda bar bolan kuwwatyny giň nazara alyp taraplar geljekde degişli ugurda hereketleri jebisleşdirmäge taýyndygyny tassykladylar.

Şeýle-hem gepleşikleriň çaginde sebitleýin gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşmalar bolup geçdi. Sebitde köp ugurly üstaşyr we ulag ulgamynyň tematikasynda durup geçip taraplar üstaşyr we ulag boýunça hyzmatdaşlyk baradaky bäş taraplaýyn Ylalaşygyň ornuny belläp geçdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi