11 mart 2025
4053
Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2025-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoýyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn görnüşde, sebitleýin we halkara düzümleriň, hususan-da BMG we GDA-nyň çäklerinde hem netijeliligini kanagatlanma bilen bellediler.
Diplomatlar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga iki ýurduň ygrarlylygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar ylym-bilim, medeniýet we sungat ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Başga habarlar
04
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň SEforALL halkara guramasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň orunbasary bilen duşuşygy
04
Noý
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
04
Noý
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-Habitatyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
04
Noý
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisi bilen duşuşdy
04
Noý
Türkmenistanyň Prezidenti «Toyo Engineering Corporation» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Ähli habarlary görmek