icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

27 mart 2025

3460

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili we Ýewropa komissiýasynyň Wise-prezidenti bilen duşuşyk

2025-nji ýylyň 27-nji martynda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» 20-nji ministrler duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili we Ýewropa komissiýasynyň Wise-prezidenti Kaýa Kallasyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şunda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formaty ýaly köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ilerledilýändigi aýratyn nygtaldy.

Ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, ykdysadyýet, medeniýet, bilim, howanyň üýtgemegi we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlygyň köp meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin platforma bolup hyzmat edýän Bilelikdäki komissiýanyň täsirli işi bellenildi.

Taraplar energetika, ulag we özara baglanyşyk, daşky gurşawy goramak, hususan-da metanyň zyňyndylaryny azaltmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi