icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

10 aprel 2025

3656

Türkmenistanyň DIM-de LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ilkinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde LLDC-3 taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingiň işine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem ýerli KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.

Brifingiň dowamynda 2025-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC-3) taýýarlyk görmek boýunça BMG-niň ikinji baha beriş missiýasynyň işiniň netijeleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Hökümetiniň bu çärä taýýarlyk görmek boýunça ulgamlaýyn protokol-guramaçylyk we seljeriş işlerini alyp barýandygy bellenildi. Şeýle hem tematiki bölümçeleri, forumlary we tegelek stollary öz içine alýan Maslahatyň maksatnamasynyň gurluşy barada giňişleýin maglumat berildi.

Brifinge gatnaşyjylar bu çäräniň ählumumy derejede ähmiýetlidigini belläp, gün tertibiniň esasy taraplaryna, Jemleýji we beýleki resminamalaryň taslamalarynyň işlenilip taýýarlanmagyna giňişleýin garadylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi