icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

17 aprel 2025

2198

Saud Arabystanynyň täze Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Amer bin Ali Al-Şehri bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Söhbetdeşler ugurlaryň giň toplumy boýunça ýola goýlan dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini nygtadylar.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki gatnaşyklarynyň netijelidigi aýratyn bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Ilçisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi