icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

31 awgust 2016

2204

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Katar Döwletiniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistana iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Şeýh Mohammad bin Abdulrahman bin Jassim Al Taniniň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň bellemeklerine görä, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň alyp barýan syýasatlarynyň netijesinde, Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň gatnaşyklary birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, ynamyň ýokary derejesi bilen häsiýetlendirilýär. Ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ýokary derejededigini belläp, taraplar halkara guramalarynyň çarçuwasyndaky gatnaşyklary geljekde ösdürmegiň tarapdarydyklaryny bellediler. Özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy bilen hoşallygyny beýan edip, duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary yzygiderli esasda ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. 

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, medeni-gumanitar hem-de sport, bilim we ylym ulgamlarynda ýola goýulan netijeli gatnaşyklary ösdürmegi dowam etmekde gyzyklanmalary barada aýdyp, taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi