icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

25 aprel 2025

3737

Türkmenistanyň Ilçisi Bahreýniň Patyşasyna ynanç hatlaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 22-nji aprelinde Manama şäherinde Patyşanyň köşgünde Türkmenistanyň Bahreýn Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Er-Riýad şäheri) O.Çaryýewiň Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Ilçi O.Çaryýew Bahreýniň Patyşasyna we bu ýurduň halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi.

Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Bahreýn Patyşalygynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi