icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

30 aprel 2025

3791

Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Somali Federal Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Muhammediň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-somali gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm itergi berjekdigini bellediler.

Söhbetdeşler 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna somali tarapynyň gatnaşmagy meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Söwda-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmäge we şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge üns bermek bilen dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek baradaky özara ygrarlylyk tassyklanyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanda we Somalide geçirilýän halkara ykdysady çärelere gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary giňeltmek baradaky özara ygrarlylyk bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi