icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

15 maý 2025

2237

Litwa Respublikasynyň Ilçisi Türkmenistanyň DIM-de ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Baku ş.) Kýastutis Waşkelýawiçýus bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

A.Gurbanow dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekilini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada durup geçdiler, gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny anykladylar.

Döwletleriň köptaraplaýyn görnüşdäki konstruktiw gatnaşyklary, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy nygtaldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary litwa tarapynyň 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda guraljak halkara forumyň işine gatnaşmagyna umyt bildirildi.

Duşuşygyň ahyrynda Ilçi ikitaraplaýyn türmen-litwa hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi