icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

24 maý 2025

2749

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow wekilçilik etdi.

Bu gezekki duşuşygyň gün tertibine şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.

Türkmenistanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary öňde boljak sammitiň deslapky gün tertibine tekliplerini berdiler hem-de bilelikdäki jemleýji resminamalaryň taslamalaryna garadylar.

Taraplaryň umumy pikirine görä, nobatdaky sammitiň geçirilmegi sebitde durnukly ösüşi, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen döwletara hyzmatdaşlygy üçin açyk hem-de konstruktiw meýdança hökmünde “MA – Hytaý” formatynyň barha artýan ornuny görkezýän möhüm waka bolar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi