icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

26 maý 2025

2582

Türkmenistan bilen Hytaýyň Daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň meselelerini, hususan-da syýasy-diplomatik hyzmatdaşlyk, ykdysadyýet, energetika we beýleki birnäçe ugurlardaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň Birleşen Milletler Guramasynda, başga halkara düzümlerde we görnüşlerde birek-birege bolan köpýyllyk goldawy barada bellenip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, dostlukly we konstruktiw dialogyň türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň depginli ösdürilmeginiň esasy şertidigi barada nygtaldy. Hut Türkmenistan bilen Hytaýyň baştutanlarynyň we liderleriniň yzygiderli duşuşyklary ugurlaryň giň toplumy boýunça iki ýurduň hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.

Daşary işler ministrleri iki ýurduň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň ähmiýetini bellediler hem-de diplomatik ýollar boýunça yzygiderli ikitaraplaýyn gatnaşyklary   dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi