icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

28 maý 2025

1732

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima bilen wideoaragatnaşyk görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň ýolbaşçysy hem-de BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary guramaçylyk-protokol häsiýetli meseleleriň giň toplumy, şeýle-de BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC 3) mazmuny babatda pikir alyşdylar.

Şunuň bilen birlikde, plenar mejlisleri, tegelek stollary, forumlary we başga-da parallel çäreleri geçirmek üçin degişli ýerleri taýýarlamak boýunça işleriň gidişine jikme-jik seredilip geçildi.

Duşuşykda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde bu Maslahatyň ýokary ähmiýeti nygtaldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi