icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

22 noýabr 2017

918

Aşgabatda türkmen-russiýa ykdysady işewürler maslahaty geçirildi

2017-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Aşgabatda altynjy türkmen-rus ykdysady işewürler maslahaty geçirildi, maslahaty gatnaşmak üçin Russiýa Federaýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi.

Wekiliýetiň düzüminde döwlet edaralarynyň we guramalarynyň birnäçesiniň, şeýle hem söwda, azyk senagaty, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyn gurluşyk, nebitgaz pudagy we beýleki ulgamlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň wekilleri bar. Türkmen tarapyndan bu duşuşyga pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, eksporta gönükdirlen önümleri öndürýän kärhanalaryň we kompaniýlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hasaba almak esasynda guralýan türkmen-russiýa hyzmatdaşlygy strategiki häsiýete eýedir. Yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar we ýokary derejedäki gepleşikler, şol sanda halkara ähmiýetli iri çäreleriň çäklerinde guralýan gatnaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr. 2017-2019-njy ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň Hökümetara türkmen-russiýa Maksatnamasynyň hem-de söwda, senagat, energetika we inženerçilik üpjünçiligi, gurluşyk, oba we balyk hojalygy, ulag, sport, syýahatçylyk, saglygy goraýyş ulgamynda taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berilýär.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa hökümetara toparyna möhüm orun degişlidir, onuň howandarlygynda söwda we maýa goýumlaryna goldaw bermek boýunça Ýokary derejeli topar hereket edýär.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat we medeniýet merkezleri bilen göni ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gezekki maslahata hem Russiýanyň 8 sebitiniň wekilleri gatnaşýarlar.

Ýygnananlar biziň ýurtlarymyzyň şertnama-hukuk binýatlarynyň giňeldilmegi, wekiliýetleriň özara saparlarynyň işjeňleşdirilmegi, hyzmatdaşlygyň bilelikdäki maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi, sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmak ýollary esasynda sebitara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanylýandygyny bellediler. Maslahatyň barşynda hyzmatdaşlygy geljekde mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri açýan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri hakyndaky wideofilim görkezildi.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilen wagtynda iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmäge Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň giňden gatnaşmak mümkinçilikleri has içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýlelikde, bu maslahat taryhy arabaglanyşyklara esaslanýan türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň bähbitlerine laýyk gelýän dostlyk we özara düşünişmek ýörelgelerine doly laýyk gelip, ýokary hil derejelerine ýetendiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi