icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»

31 awgust 2016

1821

TDIM-nde Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 31-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Aşgabada iş sapary bilen gelen, Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary jenap Motome Takisawanyň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara hil taýdan täze aýratynlyk berýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň geçen ýylyň oktýabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň dowamynda gol çekilen resminamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony geljekde ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar hünärmenleri taýýarlamak we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

«Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň meýilnamasynyň çäklerinde özarabähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi. Gepleşikleriň dowamynda sebitleýin we halkara häsiýetli meseleler, umumy howplar we wehimler bilen göreşmekde tagallary birleşdirmek boýunça pikir alyşmalar geçirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi