icon
Türkmençe
Русский
English
2024-nji ýyl - «Pähim-paýhas ummany
Magtymguly Pyragy
»
img

23 noýabr 2017

1082

Gazagystanda Prezidentiň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2017-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Almaty şäheriniň “Respublikan Dostluk öýünde” Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan, Gazagystanyň Almaty şäheri we Almaty oblasty boýunça türkmenleriň medeni-jemgyýetçilik merkezi bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň çäklerinde türkmen halylarynyň we milli el işleriniň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Çärä gatnaşmak üçin resmi çagyrylan Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Almaty şäherindäki wekilhanasynyň diplomatlary, Ylym we bilim ministrliginiň ylym baradaky “Gylym ordasy” komitetiniň hem-de Almaty şäheriniň Merkezi kitaphanasynyň wekilleri, Almaty şäher Häkimliginiň wekili, Almaty şäheri boýunça Gazagystanyň halk Assambleýasynda ýerleşen dürli milletleriň medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, Gazagystanyň halk Assambleýasynyň Dungan medeni merkeziniň ýolbaşçysy, “Şugün ýüpek ýoly” gazetiniň baş redaktorynyň Hytaý Halk Respublikasyndan gelen myhmanlary, Almaty şäherinde ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri, “Gazagystan” teleýaýlymynyň Gazagystanyň halk Assambleýasy programmasynyň habarçylary, “Liter” gazetiniň we “Şugün ýüpek ýoly” gazetiniň habarçylary, “Dästur” žurnalynyň redaktory we beýlekiler gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler bu kitabyň Beýik ýüpek ýolunyň Günortadan-Demirgazyga, Gündogardan-Günbatara uzaýan ugurlary şekillendirilen giňişleýin karta bilen açylýandygyny, bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanyň häzirki wagtda hem dürli ugurlar boýunça kontinentara ulag aragatnaşygyny döretmekdäki uly ähmiýetiniň bardygyny görkezýändigi barada beýan etdiler. Çärä gatnaşanlar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň dürli ugurlardaky gazanan üstünlikleri, Beýik ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegindäki Bitarap Türkmenistanyň orny barada gürrüň etdiler.

Dabaranyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby sowgat berildi we türkmen myhmansöýerlik däbine laýyklykda türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2024 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi