icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img
img
img
img

23 iýun 2025

1633

Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi

2025-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Gresiýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Gresiýanyň wekiliýetine Gresiýanyň Daşary işler ministrliginiň Russiýa, Ukraina, Kawkaz, Gara deňiz we Merkezi Aziýa boýunça müdirliginiň direktory Dimitrios Mihalopulos ýolbaşçylyk etdiler.

Geňeşmeleriň barşynda ikitaraplaýyn gün tertibi boýunça konstruktiw pikir alyşmalar geçirildi, iki ýurduň arasyndaky syýasy dialogyň derejesine, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garaldy.

Iki ýurduň halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, ÝB-niň çäklerinde netijeli özara gatnaşyklaryny nygtamak bilen, diplomatlar ýurtlaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Daşary syýasat babatynda ýakyn hyzmatdaşlyga hem-de halkara meýdançalarynda özara goldaw bermäge bolan meýiller tassyklanyldy. Yzygiderli iş gatnaşyklaryny saklamak barada ylalaşyldy. Şol bir wagtyň özünde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmäge degişli meselelere seredildi.

Söwda-ykdysady ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar bu ugurda bilelikdäki iş üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Döwletara gatnaşyklar baradaky gürrüňiň dowamynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Ylym, bilim, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi