icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

25 iýun 2025

2571

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar ýakyn wagtda duşuşmak hem-de her ýylda guralýan ikitaraplaýyn geňeşmeleri geçirmek barada ylalaşdylar.

Diplomatlar özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara  meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, hususan-da, soňky wagtda Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen ýagdaýlara degişli meselelere degip geçdiler. 

Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylan Bitaraplyk syýasatyna daýanyp, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine pugta ygrarlydygy hem-de islendik halkara meseleleriniň çözülmeginde diplomatik usullaryň netijelidigine ynanýandygy nygtaldy. 

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň geljekki mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň strategiýasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi