icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

02 iýul 2025

1511

R.Meredow Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

2025-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Malawi Respublikasynyň Daşary işler ministri Nensi Tembonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we mundan beýläk hem ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda özara ygrarlylyk beýan edildi.

Ministrler halkara we sebit gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi