icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

04 iýul 2025

3442

Türkmenistanyň DIM-nde Polşanyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Polşa Respublikasynyň Seýmynyň daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Pawel Kowal bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň halkara guramalaryň, hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň çägindäki hyzmatdaşlygynyň berkemegini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky duşuşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Daşary işler ministriň orunbasary Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ähli rezolýusiýalary goldandygy üçin polşa tarapyna minnetdarlygyny bildirip, işjeň hökümetara we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmäge türkmen tarapynyň ygrarlylygyny tassyklady.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýulmagy, iki ýurduň wekiliýetleriniň Türkmenistanda we Polşada guralýan sergilere gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, taraplar medeniýet, bilim we ylym ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi