icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

08 iýul 2025

2042

Serbiýa Respublikasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Belgrad şäherinde Prezidentiň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) E.Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Ilçi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Baştutanyna we ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.

A.Wuçiç hem öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de Türkmenistan bilen Serbiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek, ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi