icon
Türkmençe
Русский
English
2025-nji ýyl - «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
»
img

13 iýul 2025

1705

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda duşuşyk

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar gaznanyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda çagalaryň saglygyny goramak hem-de goldamak ugrundaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi Belarusuň Çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň Wise-prezidente iberen minnetdarlyk hatyny, şeýle hem çagalar üçin ýörite döredilen ösüş toplumyny gowşurdy.

O.Atabaýewa minnetdarlyk haty we Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine gowşurylan çagalar üçin sowgat babatynda hoşallygyny bildirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ynam bildirdiler.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2025 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi