icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

21 iýul 2025

4820

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ilçini jogapkärli diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde gerekli goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.

Gepleşikleriň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň syýasy dialogyň güýçlenmegine goşant goşýandygyny bellediler.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň çäginde taraplar energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi