icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img
img
img
img

04 awgust 2025

1504

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň başlygy Filemon Ýangyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini bellediler.

Filemon Ýang Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasyna we halkara hukuk kadalaryna ygrarlydygyny nygtady.

Taraplar BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly üçünji Kararnamasynyň kabul edilmeginiň aýratyn ähmiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsaTürkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy strategiýasyna giň halkara goldawynyň aýdyň tassyklamasy boldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri oňyn bitaraplygyň aýyrman tersine özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýändigini we dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýandygyny nygtady.

Bäş günüň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ara alyp maslahatlaşmalar we konstruktiw hyzmatdaşlyk üçin platforma öwrüljekdigi bellenildi.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi