icon
Türkmençe
Русский
English
2026-njy ýyl - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany
»
img

05 awgust 2025

1148

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.

Dostlukly ýurduň Lideri mähirli kabul edilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri belent mertebeli myhmany mübärekläp, Özbegistanyň Prezidentini gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Prezident Şawkat Mirziýoýew dünýä ähmiýetli meseleleri özünde jemleýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýandygyny görkezýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. Şunda maslahatyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Onuň netijeleri gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam eder.

Telefon: +993 (12) 44-56-92
Faks: +993 (12) 44-58-12
Kabulhana: +993 (12) 44-56-87
Metbugat gullugy: +993 (12) 44-56-04
E-mail: ddd@mfa.gov.tm
744000, Aşgabat, Arçabil köç., 108
Aşgabat, Türkmenistan
© 2026 Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi